Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen kiber howpsuzlygy baradaky planyndan yza çekildi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç), Hamburg, 7-nji iýul, 2017.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç), Hamburg, 7-nji iýul, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiginde öňe süren kiber hüjümleriň we saýlawlara goşulyşmagyň öňüni almak üçin kiber howpsuzlygy boýunça bileleşik döretmek baradaky öz teklibinden yza çekildi.

Tramp öz partiýasynyň eden tankydynyň yzýany Twitterde çap eden beýanatynda “Meniň prezident Putin bilen kiber howpsuzlygy boýunça bileleşik barada maslahat etmegim meniň bu başa barar diýip pikir edýänimi aňlatmaýar. Bu bolup bilmez – emma ok atyşygy bes etmeklik bolup biler we edildi” diýdi.

Trampyň bir gün öň aýdanlaryndan tapawutlanýan bu sözleriniň Siriýada ok atyşygy bes etmek boýunça ABŞ-nyň we Orsýetiň araçylygynda gazanylan ylalaşyga yşarat bolan bolmagy mümkin.

Tramp 7-nji iýulda Uly-20 guramasynyň sammitiniň dowamynda Hamburgda Putin bilen duşuşygyň yzýany 9-njy iýulda Twitterde çap eden maglumatynda Putin bilen kiber howpsuzlygy boýunça birligi döretmek barada gepleşendigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG