Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda poliomiýelite garşy öňüni alyş çäreler başlandy


Pakistanyň Karaçi şäheri, 18-nji aprel, 2017
Pakistanyň Karaçi şäheri, 18-nji aprel, 2017

10-njy iýulda Pakistanyň häkimiýetleri ýurduň durnuksyz regionlarynda poliomiýelite garşy üç günlük öňüni alyş çärelerine başladylar.

Hyber tire-taýpalar regionynyň Jamrud şäherinde poliomiýelite garşy derman beriş çärelerini geçirýän topar ýarym harby güýçleriň berk howpsuzlyk gözegçiliginiň berjaý edilmeginde öýlere aýlanýarlar we bäş ýaşyna ýetmedik çagalara derman berýärler.

Saglyk resmileri üç günlük kampaniýanyň dowamynda 350 müň çemesi çaganyň kesele uçramagynyň öňüni almak üçin derman bilen üpjün ediljegini belleýärler.

Şol bir wagtda-da, Pakistanyň Mohmand etrabyna ýakyn Şabkadar şäherinde ýerli ýaşaýjylar köçä çykyp neşäniň açyk söwdasyna garşy protest geçirdiler.

Polisiýanyň bölümleriniň öňünde jemlenen protestçiler neşe söwdegärlerine garşy çäre görmegi talap etdiler.

Ýerli ýaşaýjylar 100 çemesi adamyň, esasan ýaşlaryň, soňky ýyllarda geroin ýaly neşeleri aşa ulanmakdan ýogalandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG