Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Azerbaýjanyň prezidenti bilen Stambulda duşuşdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen Stambulda duşuşdy.

Şu ýyl Türkiýede geçirilen Bütindünýä nebit kongressine gatnaşan Tillerson Aliýew bilen 10-njy iýulda duşuşdy.

Azerbaýjanyň prezidentiniň resmi websaýtynda çap edilen maglumata laýyklykda, duşuşykda iki taraplaýyn gatnaşyklar, energiýa hyzmatdaşlygy we Daglyk Garabag regionyndaky hem onuň daşyndaky ýagdaýlar ara alnyp maslahat edilipdir.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti maglumat çap etmedi.

Azerbaýjanyň resmi maglumatyna görä, Tillerson Azerbaýjanyň Owganystandaky operasiýalara goşan goşandygyny makullapdyr, şeýle-de taraplar Azerbaýjanda syýasy we ykdysady ýagdaýy maslahat edipdir.

Aliýewiň hökümeti nebite baý ýurtda başga pikirliligi we media azatlygyny basyp ýatyrmakda tankyt edilýär.

Tillerson Stambula Uly-20 guramasynyň Germaniýada geçirilen sammitiniň, şeýle-de Ukraina eden saparynyň yzýany bardy.

XS
SM
MD
LG