Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň prezidenti ilaty sakgal goýbermezlige, hijap geýmezlige ündedi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon esasan musulman ilatly ýurduň ýaşaýjylaryny sakgal goýbermezlige we hijap geýmezlige ündedi.

Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan Rahmon 11-nji iýulda eden çykyşynda ýurtda däp-dessurlar barada 10 ýyl mundan ozal kabul edilen kanuny makullady.

Rahmon aýallaryň hijap we gara geýim geýmeginiň täjikleriň milli däp-dessurlaryna gabat gelmeýändigini belledi we sakgal goýbermegiň dini ynanç bilen hökman bagly däldigini aýtdy. Ol täjik halkyny “Hudaýa ýürekden ynanmaga” we öz “päkligini” goşmaça görnüşde äşgär etmezlige çagyrdy.

Rahmonyň hökümeti 8.5 million ilatly ýurtda dünýewi ýörelgeleri güýçlendirmek boýunça yzygiderli çagyryş edip gelýär.

Täjigistan mekdep okuwçylarynyň ýaglyk atynmagyny we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň metjide barmagyny gadagan etdi, şeýle-de ýurduň daşynda dini mekdeplerde bilim alýan müňlerçe raýatyny yzyna çagyrdy. Täjik raýatlaryň ençemesiniň Yrakda we Siriýada söweşijileriň düzüminde söweşýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG