Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Orsýet ýokary derejeli gepleşikleri janlandyrýar


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

ABŞ we Orsýet iki ýurduň arasynda bar bolan ýiti meseleleri çözmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleri janlandyrýarlar diýlip, Döwlet departamentiniň 11-nji iýulda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu beýanatyň öňýanynda Orsýetiň baş diplomaty eger ABŞ Orsýetiň Nýu Ýorkdaky we Marylandaky iki sany diplomatik toplumyny gaýdyp bermese özüniň jogap berjegini aýdyp, haýbat atdy. Bu diplomatik kompleksler dekabr aýynda Obamanyň administrasiýasy tarapyndan alnypdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Tom Şannon Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen 17-nji iýulda Waşingtonda duşuşar. Gepleşiklerde Kreml tarapyndan ileri tutulýan mesele hökmünde kesgitlenen diplomatik toplumlar meselesiniň maslahat ediljegine garaşylýar.

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Orsýete Ukrainadaky agressiýasy bilen bagly täze sanksiýalary yglan edenden soň, Moskwa Rýabkowyň we Şannonyň arasynda ozalky gepleşigi geçen aýda yza tesdiripdi.

XS
SM
MD
LG