Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ) hasabatynda žurnalist Pawel Şeremetyň öldürilmegi boýunça Ukrainanyň geçiren derňewi tankyt edilip, bir ýyl çemesi wagt mundan ozal Kiýewde awtoulagda goýlan bomba partlamasynda wepat bolan žurnalistiň işi boýunça hiç kimiň tussag edilmändigi we köp soragyň jogapsyz galýandygy bellendi.
Hasabatda Ukrainanyň Pawel Şeremewyň öldürilmegi boýunça geçiren derňewleri boş geçdi diýlip, bellenýär we garaşsyz derňewleriň zerurdygy aýdylyp, žurnalistiň öldürilmeginde Orsýetiň eliniň bardygy baradaky çaklamalary tassyklaýan subutnamanyň berilmändigi we Ukrainanyň goşulyşan bolmagy bilen bagly maglumatlaryň derňelendigi hakynda habaryň berilmändigi bellenýär.
Guramanyň Kiýewde ýerleşýän habarçysy Kristofer Milleriň maglumatynda “köp sany gytaklaýyn subutnama Ukrainanyň eliniň bardygyny görkezýär we näme üçin ýurduň häkimiýetleriniň Orsýetiň gatnaşygyny öňe sürýändigi hem olaryň täsirli birini ýaşyrjak bolýan bolmagynyň ähtimaldygy hakynda sorag döredýär” diýlip bellenýär.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.