Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew raýatlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegi üçin täze pasporty işläp düzmek barada permana gol çekdi.
Özbegistanyň döwlet mediasynyň 13-nji iýulda habar bermegine görä, bir gün öň gol çekilen perman hökümetiň täze daşary ýurt pasporty işläp düzmek boýunça planyny taýýarlamagyna bir aý möhlet berýär.
Bu çärä özbek raýatlary üçin çykyş wizasynyň ýatyrylmagy ugrundaky ädim hökmünde seredilýär.
Häzirki wagtda Özbegistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykmak üçin umumy pasporty ulanýarlar.
Pasportda çykyş wizasy üçin ýörite sahypalar göz öňünde tutulýar. Çykyş wiza sistemasy Özbegistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna syýahat etmegini kynlaşdyrypdy.
8-nji iýulda Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we beýleki hökümet resmileri çykyş wiza sistemasyny ýatyrmak meselesini ara alyp maslahat edipdi.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok