Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ýene 7 müňden gowrak raýatyny işden kowdy


Türkiýe, Güleniň goldawçylary tutulýar. 25-nji aprel, 2017 ý.
Türkiýe, Güleniň goldawçylary tutulýar. 25-nji aprel, 2017 ý.

Türkiýe 14-nji iýulda, harbylaryň ýolbaşçylygyndaky başa barmadyk döwlet agdarylyşygynyň ýyl dönüminiň öňünden, ýene bir 7 müň gowrak adamy, polisiýa işgärlerini, esgerleri we resmileri işden boşadýandygyny yglan etdi.

Geçen ýyulyň 15-nji iýulynda prezident Rejep Taýyp Erdogany häkimiýetden agdramak synanyşygynyň öňi alnandan soň, türk kähimiýeleri 50 müň çemesi adamy tussag etdiler, 100 müňden gowrak adamy bolsa işden aýyrdylar.

Işden kowuşlygyň soňky tolkunynda, döwlet eýesçiligindäki Anadolu habar gullugynyň maglumatyna görä, jemi 7,563 adam işinden boşadyldy. Dynç alyşdaky goşun agzalarynyň bolsa, 350-siniň harby çinleri sypyrylyp alyndy.

“Hurriyet” gazeti 2,300 çemesi polisiýa işgäriniň işden aýrylandygyny habar berdi.

ABŞ-da ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Gülen 14-nji iýulda ýene bir gezek bu “ýigrenji agdarylyşyk synanyşygyna” dahyllydygyny ret etdi we Ankarany özüne eýerijileriň “kastyna çykmagyny” bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG