Sepleriň elýeterliligi

Hytaý dissident Liýu Siaobonyň jesedini kremasiýa etdi


Liýu aýaly Liýu Sia bilen, Pekin, 22-nji oktýabr, 2002 ý.

Hytaý Nobel parahatçylyk baýragynyň tussaglykda saklanan laureaty, şu hepde düwnük keselinden ýogalan dissident Liýu Siaobonyň jesedini kremasiýa etdi.

Pekin onuň ömrüniň soňky günlerini azat we daşary ýurtda geçirmäge rugsat bermändigi üçin halkara tankydyna sezewar boldy.

Hytaý häkimiýetleri kremasiýanyň 15-nji iýulda, dissidentiň maşgalasynyň, şol sanda aýalynyň gatnaşmagynda amala aşyrylandygyny aýtdylar.

Liýuyň aýaly Liýu Sia adamsy Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp bolaly bäri öý tussaglygynda saklanýar.

Liýu 13-nji iýulda, bagyr düwnügi netijesinde aradan çykdy. Ol syýasy reformalara çagyrýan petisiýany ýazmaga kömekleşenden soň, “döwlet agdarylyşygyna meçew bermekde” aýyplanyp, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hökümet tarapyndan ýaýradylan jaýlanyş fotosuratlarynda Liýu Sianyň we beýleki maşgala agzalarynyň ak güller bilen gurşalan tabydyň ýanynda durandygy görkezilýär. Hytaýda ak güller ýas tutmagyň nyşany hasaplanýar.

Liýu Siaobonyň ölümi dünýäniň bir ýerinde hatyra çäreleriniň geçirilmegine alyp geldi. Emma ol Hytaýyň agyr senzura astyndaky metbugatynda az ýatlandy. Aýdylmagyna görä, hytaý hökümeti sosial mediada onuň ölümine bildirilen reaksiýalary hem elekden geçirdi.

XS
SM
MD
LG