Sepleriň elýeterliligi

Report: Trampyň ogluna Klintona zyýanly dokumentler gowşuryldy


ABŞ, Rinat Ahmetşin. 7-nji iýul, 2016.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ogly bilen duşuşan rus lobbisti geçen ýyl, aýdylmagyna görä, oňa demokrat bäsdeşleri Hillari Klintona zyýanly maglumatlary beripdir diýip, “The Associated Press” habar berýär.

Donald Tramp kiçi we onuň kakasy Nýu-Ýorkdaky Tramp diňi binasynda 2016-njy ýylyň iýun aýynda, prezident saýlawlaryna kampaniýa mahalynda bolan duşuşykdan hiç bir netije bolmandygyny tekrarlapdy.

Emma rus-amerikan lobbisti we ozalky sowet ofiseri Rinat Ahmetşin 14-nji iýulda AP bilen söhbetdeşlikde, rus aklawçysy Nataliýa Weselnitskaýa Tramp kiçä Russiýa bilen baglanyşykly adamlar Demokratik milli komiteti maliýeleşdirýär we Klinton kampaniýasyna bikanun goldaw berýär diýende, özüniň şol ýerde bolandygyny gürrüň berdi.

Ahmetşin Weselnitskaýanyň özi bilen print edilen dokumentlerden doly plastik papka getirendigini, olarda demokratlara geçirilen bikanun maliýe serişdeleriniň akymynyň dokumentleşdirilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Weselnitskaýa Tramp kiçä ol dokumentleriň mazmuny gürrüň berip,eger-debu maglumatlar jemgyýetçilige ýetirilse, kampaniýa kömek eder diýdi diýip, Ahmetşin AP habar gullugyna aýtdy.

"Bu DMK-nyň hapa puly kabul edşini paş etmekde gowy mesele bolup biler” diýip, Ahmetşin Weselnitskaýanyň aýdan sözlerini ýatlady.

XS
SM
MD
LG