Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türkmen gazyny almazdan ikinji gyşa taýýarlanýar


Derweze. Türkmenistanyň öçürip bolmaýan gaz ýatagy.
Derweze. Türkmenistanyň öçürip bolmaýan gaz ýatagy.

Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda uzak wagt tölenmedik 2 milliard dollar bergi zerarly Eýrana iberýän gazyny kesensoň, Tähran ýene bir gyşy türkmen gazyny almazdan gyşlamaga taýýarlanýar diýip, “Trend” habar gullugy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Eýran ýurduň demirgazyk gündogar sebitine geçiriji gurmagy tamamlamaga, ýerasty gaz saklanylýan ammarlaryny ulaltmaga hem-de bu töwerekdäki täze gaz ýataklaryny özleşdirmäge taýýarlyk görýär.

Eýranyň Gündogar nebit-gaz kompaniýasynyň başlygy Mohammad Mam Beygi 14-nji iýulda özleriniň “Tous” ýatagyny özleşdirmäge taýýarlanýandyklaryny, ol ýerden her gün 3-5 million kub metr gaz çykarmakçy bolýandyklaryny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu ýatagyň 60 milliard kub metr gaz gory bolup, onuň 75-80 prosenti çykaryp boljak ýagdaýda ýerleşýär.

Eýran geçen maliýe ýylynda Türkmenistandan 5.86 milliard kub metr çemesi gaz import etdi, bu ondan öňki ýyldakydan 53 prosent azdyr diýip, habarda aýdylýar.

Mundan öň Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň ýurduň demirgazygyna we demirgazyk gündogaryna çekilýän “Neka-Damghan” geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrýandygy habar berlipdi. EMGK-nyň başlygy Hamid Reza Arakiniň iýun aýynda “Mehr” habar gullugyna aýdan sözlerine görä,bu geçiriji iki aýda işe başlamaly.

Eýranyň milli gazkompaniýaýsy mundan öň Türkmenistany gaz ibermegi kesendigi üçin halkara arbitraž suduna bermäge taýýarlanýandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG