Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yraklylar Mosulyň yzyna alynmagynyň hormatyna baýram etdiler


Yrak esgerleri
Yrak esgerleri

Yragyň ýaragly güýçleri Mosulyň yzyna alynmagyny baýram edip, Bagdatda harby paraddan geçdi. Mosul Yragyň ikinji uly şäheri bolup, “Yslam döwleti” jeňçi topary ony Yrakda özbaşyna paýtagt diýip jar etdi.

15-nji iýuldaky baýramçylyk premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň Mosulda YD toparyndan üstün çykylandygyny resmi taýdan yglan etmeginiň bir hepde soňundan tutuldy.

YD Mosuly 2014-nji ýylda hökümet güýçleriniň elinden alaly bäri kontrolda saklaýardy. Abadi Mosulyň doly azat bolandygyny yglan edip, beýleki şäherlerde hem parad geçirmek bilen, tutuş ýurt boýunça bir hepdelik baýramçylygy jar etdi.

Bagdat paradyna yrak goşunynyň agzalary, terrorizme garşy saýlama güýçler, federal polisiýa, “Populýar mobilizasiýa”diýip bilinýän hökümetçi milisiýa gatnaşdy.

“Roýtersiň” wideosy paýtagt köçelerinde paraddan geçýän esgerleri, tanklary we beýleki harbytehnikalary, olary synlap duran Abadini görkezdi. Bu baýramçylyk Mosulyň Köne şäherindeüzlem-saplam atyşyklaryň dowam edýändigi baradaky habarlara garamazdan tutuldy.

XS
SM
MD
LG