Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kamçatka ýarymadasynda 7,8 bal derejesinde ýertitreme boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Kamçatka ýarymadasynda 7,8 bal derejesinde ýertitreme bolup, bu sunami howpunyň abanýandygyny duýdurdy, emma soňra bu howp aradan aýryldy. Bu barada 18-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň ýertitremä gözegçilik edýän gullugy habar berdi.

Ýertitreme Kamçatka ýarymadasynyň Bering adasyndaky Nikolskoýe şäherinden 200 kilometr uzaklykda bolup, onuň merkezi, ýagny episentri Alýaskanyň Aleutian sebitindäki Attu adasynyň günbatarynda boldy.

Bu ýertitreme deňziň düýbünden diňe 10 kilometr aşakda bolup, bu bolsa, onuň täsirini güýçlendirdi. Ýöne ýertitremäniň bolan ýeri ilatly punktdan uzakda ýerleşýändigi sebäpli, häzirlikçe adam ýitgisiniň bolandygy barada habarlar gelip gowuşmady.

Kamçatkanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi Nikolskoýe şäheriniň kenaryna 50 santimetr beýikligindäki tolkunlaryň gelip biljekdigi barada duýdurdy. Emma sunami howpy gysga wagt soň aradan aýryldy.

XS
SM
MD
LG