Sepleriň elýeterliligi

HRW Russiýanyň söz azatlygyna ‘hüjümini’ tankyt edýär


Human Rights Watch guramasynyň logotip suraty

Human Rights Watch guramasy Russiýanyň onlaýn gürrüňdeşlige möhüm çäklendirmeleri we onlaýn hereketlere agressiw gözegçiligi girizendigini aýdyp, ekstremizme garşy göreşiň arkasyna gizlenip tankytçylary yzarlaýandygyny belleýär.

18-nji iýulda ýaýradylan beýanatda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama Russiýanyň hökümetiniň bu babatdaky çärelerini dokumentleşdirip, bular Internedi güýçli döwlet kontrollygynda saklamaga gönükdirilen ýaly bolup görünýär diýýär.

Beýanatda 2012-nji ýyldan bäri Russiýanyň häkimiýetleriniň sosial ulgamlarda paýlaşylan maglumatlara, wideolara, makalalara we interwýulara esaslanyp, onlarça adamy nähak jenaýat jogapkärçiligine çekendigi aýdylýar. Şeýle-de, Russiýanyň häkimiýetleriniň ýüzlerçe websaýty petikländigi hem nygtalýar.

Soňky ýyllarda Russiýa ýurduň hökümetiniň informasiýa elýeterliligi çäklendirmegine giň ygtyýar berýän repressiw kanunlaryň ençemesini kabul etdi.

Human Rights Watch guramasy Moskwany, hukuk goraýjy toparyň sözlerine görä, “repressiw kanunlary” ýatyrmaga, ekstremizme garşy göreşiň arkasyna gizlenip tankytçylary yzarlamagy bes etmäge we söz azatlygynyň üpjün edilmegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG