Sepleriň elýeterliligi

Ak Tam Orsýet boýunça ilçisi wezipesine Huntsmany hödürlejegini aýtdy


ABŞ-nyň Utah ştatynyň öňki gubernatory John Huntsman

Ak Tam ABŞ-nyň Hytaýdaky öňki ilçisi John Huntsman kiçiniň prezident Donald Trampyň Orsýet boýunça ilçisi wezipesine hödürlenendigini 18-nji iýulda aýtdy.

ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanmagyny talap edýän bu ýokary derejeli wezipä bellemek çäresi, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň goşulyşan bolmagy baradaky çaklamalaryň öňe sürülýän wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Utah ştatynyň öňki gubernatory 57 ýaşly Huntsman 2009-2011-nji ýyllarda ýurduň Hytaýdaky ilçisi bolupdy. Ol ABŞ-nyň administrasiýasynda bäş sany prezidentiniň goly astynda işläpdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmk isleýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG