Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew gyrgyz dilini latin elipbiýine geçirmek mümkinçiligine şübhe bildirdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew gyrgyz dilini kiril elipbiýinden latin elipbiýine geçirmegiň mümkinçiligine şübhe bildirdi.

20-nji iýulda Bişkekde geçiren metbugat konferensiýasynda Atambaýew latin elipbiýine geçmek türki dilli halklary birleşdirmegiň ýerine, bölüp biler diýdi we türki dilli halklaryň ýaşaýan köp territoriýasynyň Orsýet Federasiýasynda ýerleşýändigini hem olaryň kiril alfawitini ulanýandygyny belledi.

Atambaýewiň pikirine görä, şeýle-de alfawitiň üýtgedilmegi “nesilleriň arasyndaky köprini bozmagy ähtimal”, sebäbi meşhur gyrgyz ýazyjylarynyň köpüsi öz döredijiliginde kiril alfawitini ulanypdy.

Gyrgyz dilini latin elipbiýine geçirmek ideýasy goňşy Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň gazak diliniň 2025-nji ýyla çenli latin elipbiýine geçiriljekdigini aprelde yglan etmeginden soň döräpdi.

1929-njy ýylda sowet häkimiýetleri Sowet Soýuzynyň düzümindäki musulman halklarynyň öň ulanan arap elipbiýini latin elipbiýine geçiripdi. 1940-njy ýylda latin alfawiti kiril alfawitine çalyşypdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, Azerbaýjan we Türkmenistan latin alfawitine geçipdi. Özbegistan 1992-nji ýyldan bäri kiril we latin alfawitleriň ikisini-de ulanýar.

XS
SM
MD
LG