Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ady belli senatory Jon Makkeýnde rak keseli anyklandy


ABŞ-nyň Senatynyň ýaragly güýçler boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Jon Makkeýn

ABŞ-nyň ady belli senatory, Senatyň ýaragly güýçler boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Jon Makkeýniň (John McCain) beýnisinde rak keseli anyklandy diýip onuň lukmanlary 19-njy iýulda aýtdylar.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 80 ýaşly Makkeýnde glioblastoma çişi anyklanypdyr we ol geçen hepdede operasiýa edilip aýrylypdyr.

Senator we onuň maşgalasy bejergi usulyny saýlaýarlar, şol sanda himiýa we radiasiýa terapiýasyny geçirmek mümkinçiligine seredýärler diýip, lukmanlar habar berdi.

Makkeýn Arizonadaky öýünde bejergi alýar. Lukmanlar onuň “geň derejede gowy” aýaga galýandygyny we saglyk ýagdaýynyň örän gowudygyny bellediler.

Jon Makkeýn 2008-nji ýylda Respublikan partiýasyndan ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaş edipdi. Ol ABŞ-nyň harby meseleleri we Orsýet boýunça tejribeli syýasatçy hasaplanýar.Makkeýn harby pilot bolan döwründe Wýetnamda ýesir düşüp, bäş ýarym ýyllap, tussaglykda bolupdy.

XS
SM
MD
LG