Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ bilen kiber howpsuzlygy boýunça işçi toparyny döretmek barada gepleşik geçirýändigini aýdýar


ABŞ-nyň we Orsýetiň prezidentleri Donald Tramp we Wladimir Putin

Moskwa we Waşington kiber howpsuzlygy boýunça birleşen işçi toparyny döretmek barada gepleşik geçirýärler diýip, Orsýetiň prezidentiniň kiber howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Andreý Krutskih 20-nji iýulda habar agentliklerine aýtdy.

“Gepleşikler ugruna barýar we teklip alyşylar. Bu gepleşikleriň geçirilmeginiň we şeýle kontaktlaryň amala aşyrylmagynyň zerurlygyny hiç kim ret etmeýär” diýip, Krutskih aýdandygy habar berilýär.

Orsýetiň resmisi Swetlana Lukaş ýaňy-ýakynda Germaniýada geçirilen Uly-20 guramasynyň sammitiniň dowamynda Orsýetiň we ABŞ-nyň prezidentleriniň kiber howpsuzlyk bilen bagly meseleleri, BMG-niň üsti bilen ýa-da işçi toparyň bir bölegi hökmünde maslahat etmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Sammitiň yzýany Tramp şeýle topary döretmek ideýasy barada Putin bilen pikir alyşandygyny aýdypdy.

Emma ABŞ-nyň Kongressiniň liderleri bu ideýa garşy çykyp, ony Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy baradaky çaklamalar bilen baglylykda tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG