"Serhetsiz lukmanlar" guramasy (MSF) Owganystanyň Gunduz welaýatynda kiçi keselhanasyny gaýtadan açdy. Bu keselhana 2015-nji ýylda ABŞ-nyň howa hüjümleri zerarly guramanyň keselhanasynyň ýumrulmagyndan soň açan ilkinji edarasydyr.
2015-nji ýylda amerikan ýörite gýçleriniň howadan amala aşyran hüjümleriniň netijesinde keselhananyň hassalaryndan, medisina işgärlerinden 42 adam wepat bolupdy.
Gurama öz medisina edaralaryna hormat goýuljagyna we olaryň goraljagyna amerikan we owgan harbylary tarapyndan kepil geçilmeginiň ugrunda iş alyp barýar.
Täze hassahana ýagdaýy agyr bolmadyk näsaglara kömek bermek üçin niýetlenýär. Onuň binasy ýumrulan keselhananyň ýerinde ýerleşmeýär.
MSF 2018-nji ýylda Gunduz welaýatynda täze hassahanany gurmaga ukyply boljagyna umyt baglaýar.
Öňki keselhana 2015-nji ýylda “Talyban” toparynyň şäheri ele salan döwründe ýumrulypdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?