Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FSB ABŞ-nyň saýlaw derňewleriniň merkezindäki aklawçynyň müşderisi bolupdy


Orsýetli ýurist Natalýa Weselnitskaýa
Orsýetli ýurist Natalýa Weselnitskaýa

Orsýetiň Federal howpsuzlyk agentliginiň (FSB) ABŞ-nyň öz prezidentlik saýlawlaryna Moskwanyň goşulyşan bolmagyny güman edip, geçirýän derňewleriniň üns merkezine düşen orsýetli aklawçynyň müşderisi bolandygyny, media serişdeleri habar berdi.

Orsýetiň sudunyň dokumentleri ýurist Natalýa Weselnitskaýanyň 2005-2013-nji ýyllarda Moskwada emläk dawasy bilen bagly meselede FSB tarapyndan dolandyrylýan harby edara wekilçilik edendigini görkezýär, diýip AP we Reuters agentlikleri habar berýär.

Sowet döwrüniň KGB edarasynyň ornuny tutan Federal howpsuzlyk agentligine Wladimir Putin prezident bolmagyndan öň ýolbaşçylyk edipdi. ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama geçen ýylda FSB-ni amerikan saýlawlaryndaky roly üçin ýazgarypdy.

Weselnitskaýa Orsýetiň aňtaw gulluklary ýa-da hökümeti bilen işleşendigi baradaky maglumatlary ret edýär.

Ol 2016-njy ýylyň iýun aýynda Donald Trampyň oly ogly, giýewi we saýlaw kampaniýasynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Nýu Ýorkda geçirilen duşuşykda merkezi şahsyýet bolupdy. Şol duşuşyga ABŞ-nyň kongressiniň we Adalat departamentiniň geçirýän derňewinde uly ähmiýet berilýär.

Natalýa Weselnitskaýa Donald Trampyň ogly bilen duşuşmak isläpdi we özüni “Orsýetiň hökümetiniň ýuristi” hökmünde tanadyp, özünde Orsýetiň hökümeti tarapyndan berlen we Trampyň bäsdeşi Hillary Klintona zyýan ýetirip biljek maglumatyň bardygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG