Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň prezidenti žurnalistlere mugt jaý berýär


Ylham Alyýew “Azerbaýjanda... söz azatlygy ýola goýuldy” diýdi.

Azerbaýjanyň hökümeti 22-nji iýulda, milli Metbugat güni mynasybetli, žurnalistlere 225 kwartira berdi diýip, “Halk gazeti” habar berýär.

Prezident Ylham Alyýew Bakuwda bolan dabarada žurnalistlere kwartira bermek bilen, “Azerbaýjan žurnalizmi jemgyýetde örän oňyn rol oýnaýar. Azerbaýjanda... söz azatlygy ýola goýuldy” diýdi.

Emma halkara hukuk guramalary we media azatlygy toparlary Azerbaýjanyň hökümetini garaşsyz mediany basyp ýatyrmakda, döwletden aýry žurnalistleri galplaşdyrylan jenaýat işlerinde aýyplamakda tankyt edýär.

ABŞ-da ýerleşýän media gözegçiligi guramasy “Freedom House” Azerbaýjanyň metbugatyny “azat däl” diýip häsiýetlendiren bolsa, Serhetsiz reportýorlar guramasy bu ýurdy 2017-nji ýylyň Metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň iýinde 162-nji orunda goýdy.

XS
SM
MD
LG