Sepleriň elýeterliligi

Kandagarda "Talyban" 70 adamy alyp gaçdy


Kandagar polisiýasynyň başlygy Abdul Razik duşuşyk mahalynda

Kandagar welaýatynda guralan tapgyrlaýyn hüjümlerde oba adamlarynyň azyndan 70 sanysy “Talyban” ekstremistleri tarapyndan alnyp gaçyldy diýip, welaýat polisiýasy we gubernatoryň edarasy aýtdy.

Kandagar polisiýasynyň başlygy Abdul Razik 22-nji iýulda hüjümçileriň welaýatyň esasy uly ýolunyň boýundaky obanyň ýaşaýjylaryny öz öýlerinden alyp gaçandyklaryny we biraz soň olaryň azyndan ýedisini öldürendiklerini aýtdy.

"Talyban” 21-nji iýulda Kandagar-Tarinkot ýolunyň boýundaky obanyň 70 ýaşaýjysyny alyp gaçdy. Olar soň oba adamlarynyň ýedisini öldürdiler” diýip, Razik aýtdy. “Olaryň jesetleri oba adamlary tarapyndan şu gün irden tapyldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Dürli habarlara görä, oba adamlarynyň 20-30 sanysy soň goýberildi ýa-da gaçyp gutuldy. Emma olaryň 33 sanysy henizem ýersirlikde otyr.

Bu hüjümiň jogapkärçilgini hiç kim öz üstüne almady. Bu sebitde “Talyban” agdyklyk edýär we Kandagar esasan göknar ekerançylygy, tirýek önümçiligi bilen tanalýar.

XS
SM
MD
LG