Owganystanyň “Talyban” topary Kabulda bolan we hökümetiň aýtmagyna görä, 24 adamyň ölümine hem 42 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan, janyndan geçen hüjümçiniň gatnaşmagyndaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daniş 24-nji iýulda ir sagat 7 töwereginde Kabulyň günbatar böleginde amala aşyrylan hüjümde magdançylary alyp baran awtobusa zarba urlandygyny aýtdy.
“Talyban” Milli howpsuzlyk boýunça müdirligine degişli iki awtobusa hüjüm edilendigini we onuň 37 işgäriniň öldürlendigini öz beýanatynda habar berdi.
Kabulyň keselhanasynyň müdiri Salim Rasuli heläk bolan azyndan 13 adamyň jesetleriniň we ýaralanan 17 adamyň hassahana getirilendigini aýtdy.
Şaýatlar hüjümçiniň awtobusa hüjüm edendigini we partlamanyň netijesinde golaýda ýerleşen binalaryň aýnalarynyň döwülendigini aýtdylar.
Daniş awtobusyň güýçli ýanandygyny aýtdy, emma onuň içinde heläk bolanlaryň hökümet işgärleri bolup-bolmandygyny tassyklap bilmedi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?