Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan Müsürden Kairde ýiten 6 studentini tapmagy sorady


Müsüriň paýtagty Kair

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Müsüriň häkimiýetlerinden Kairde ýiten bolmagy çak edilýän alty gazagystanly studenti tapmagy resmi taýdan sorady.

Ministrligiň 25-nji iýulda aýtmagyna görä, alty student Müsüriň paýtagtynda bir jaýda ýaşaýardy we arap dilini öwrenýärdi.

Daşary işler ministri Anuar Žainakowyň aýtmagyna görä, gazagystanly studentler öz garyndaşlary bilen 20-nji iýulda habarlaşmagyny kesipdir.

Žainakow studentleriň ekstremist yslamçy ideologiýa ýykgyn edýän adamlar bolmandygyny belledi.

Gazagystan öz raýatlarynyň ýüzlerçesiniň soňky ýyllarda Siriýada we Yrakda ekstremist toparlara goşulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG