Halkara hasabatynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howany kömürturşy gazy (CO2) bilen hapalaýan esasy ýurtdygy aýdylýar.
Global Karbon Atlas (Global Carbon Atlas) atly guramanyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň ýylda howa taşlaýan kömürturşy gazynyň möçberi Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbebegistanyň we Täjigistanyň umumy görkezijisinden artykmaç. Şeýle-de soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň territoriýasyndan howa çykýan kömürturşy gazyň möçberi iki esse köpelipdir.
Merkezi Aziýa regionyndan çykýan kömürturşy gazyň 80% iki ýurduň, ýagny Türkmenistanyň we Gazagystanyň paýyna düşýär diýlip, halkara guramasynyň hasabatynda aýdylýar.
Maglumatda bellenişine görä, bu Türkmenistanda elektrik energiýasynyň 100%-niň gaz ulanmak arkaly öndürmegi, Özbegistanda gazyň ulanylmagy arkaly elektrik energiýasynyň 74% öndürilmegi bilen bagly.
Alymlaryň bellemegine görä, atmosfera taşlanýan kömürturşy gazyň möçberiniň artmagy howanyň maýlamagyna getirýär.