Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan Türkmenistan bilen partnýorlygy giňeltmäge taýýarlyk bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Gürjüstanyň prezidenti Georgiý Margelaşwili (s), Tbilisi, 2-nji iýul, 2015
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Gürjüstanyň prezidenti Georgiý Margelaşwili (s), Tbilisi, 2-nji iýul, 2015

Gürjüstan Türkmenistan bilen özara bähbitli partnýorlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge taýýar diýlip, türkmen metbugatynyň maglumatlarynda Gürjüstanyň prezidenti Georgiý Margelaşwiliniň Türkmenistanyň prezidentine ýollan hatynda mälim edendigi aýdylýar.

Mundan öň Tbilisiniň we Aşgabadyň Hazar we Gara deňzi regionlarynyň arasynda transport-tranzit infrastrukturasyny döretmek boýunça proýektlere seredýändigi aýdylypdy.

Gürjüstan özüniň Günorta-Kawkaz transport-energiýa ýolunyň möhüm bölegi bolup durýandygyny we Hazar regionynyň energiýa serişdeleriniň eksportunyň öz giňişliginden howpsuz tranzitini üpjün etmäge taýýardygyny aýdypdy.

Şu aýda Gürjüstan we Türkmenistan diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygyny bellediler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gürjüstana 2015-nji ýylyň iýul aýynyň başynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG