Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň täze sanksiýalara ýol açýan kanunyny tankyt etdi


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Orsýetiň resmileri we kanun çykaryjylary ABŞ-nyň Moskwa babatynda täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýan we prezident Donald Trampyň olary gowşatmagyny ýa-da güýçlendirmegini agyrlaşdyrýan kanuny ýazgardylar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 26-njy iýulda eden çykyşynda, ABŞ-nyň Wekiller öýi tarapyndan bir gün öň kabul edilen kanuny Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda “gatnaşyklary kadalaşdyrmak mümkinçiliklerini ýumurmaga tarap ädim” diýip atlandyrdy.

“Biz onlarça gezek aýtdyk şol çäreleriň jogapsyz galmajagyny” diýip, döwlet tarapyndan dolandyrylýan TASS agentligi Rýabkowy sitirledi.

Şeýle-de Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutuýan ABŞ-nyň täze kanuny 25-nji iýulda 419 ses bilen makullandy, 3 ses garşy çykdy.

Bu kanuna Senatda haçan garaljagy nämälim galýar. Eger Tramp kanuny ret etse Kongress muňa garşy çykyp bilýär.

XS
SM
MD
LG