Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň harby bazasyna heläkçilikli hüjüm edildi


Harby baza, Kandahar
Harby baza, Kandahar

Owganystanyň Goranmak ministrligi gündogar welaýaty Kandaharda “Talybanyň” harby baza eden hüjüminde azyndan 26 esgeriň wepat bolandygyny aýtdy. Emma hökümetdäki çeşmeler azyndan 30 adamyň heläk bolandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Hökümet resmileriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, “Talybanyň” söweşijileri Kandaharyň Harkez etrabynda ýerleşýän baza 26-njy iýulda irden hüjüm edip, hökümet güýçleri bilen gazaply söweşe girişipdirler.

“Talyban” öz beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we 74 esgeri öldürendigini hem alty esgeri zamun alandygyny aýtdy.

Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Mohammad Radmaneş çaknyşygyň bolan ýerine goşmaça kömegiň iberilendigini aýtdy.

Hüjüm Owganystanda zorlugyň güýçlenen döwründe ýüze çykdy. BMG şu ýyl Owganystanda 1700 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG