Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Baş prokuraturasy öňki ykdysady ministr Ulýukaýewiň işini suda berdi


Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew
Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew

Orsýetiň Baş prokuraturasy Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýewe günä bildirilmegini makullady we işi suda ýollady diýip, 26-njy iýulda Orsýetiň täzelikler agentlikleri habar berdiler.

Edaranyň resmi beýanatynda Ulýukaýewiň para almakda we korrupsiýa baş goşmakda aýyplanýandygy we onuň işiniň Moskwanyň Zamoskworetskiý etrap suduna iberiljekdigi aýdyldy.

Orsýetiň habar agentlikleriniň maglumatyna görä, 26-njy iýulda irden Moskwanyň şäher sudy Ulýukaýewi öý tussaglygyndan boşatmakdan ýüz öwrüpdir.

Ulýukaýewe ýaşaýan ýerinden çykmak ýa-da ony çalyşmak, şeýle-de öz ýakyn garyndaşlaryndan başgalar bilen gepleşmek gadagan edildi.

Ulýukaýew Orsýetde 1950-nji ýyldan bäri tussag edilen iň ýokary wezipeli hökümet resmisi bolupdy. Ol Orsýetiň nebit ägirdi “Rosneftiň” “Başneft” kompaniýasyndaky esasy paýyny hökümetden satyn almagyna Orsýetiň Ykdysady ösüş ministrliginiň kepil geçmegi üçin 2 million dollar möçberinde para almakda güman edilip, geçen ýylyň noýabr aýynda öý tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG