Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Kongress Orsýete garşy sanksiýalar baradaky kanun bilen ylalaşdy


ABŞ-nyň Senatynyň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy senator Bob Korker

26-njy iýulda ABŞ-nyň Kongressiniň respublikan liderleri Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek we prezident Donald Trampyň Kongress tarapyndan makullanmazdan Moskwa garşy jezalandyryjy çäreleri gowşatmagynyň öňüni almak boýunça kanuna ýol açýan ylalaşyk gazandylar.

Orsýetiň we Eýranyň jezalandyrylmagyna gönükdirilen kanun taslamasy 25-nji iýulda Wekiller öýünde tas biragyzdan kabul edildi, emma Senatda kanun taslamasynyň başlangyç görnüşine Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegine garşy çykyş edýän kanun çykaryjylaryň garşylygyna eýe boldy.

Bu täze kanunyň taslamasyna Senatda haçan garaljagy nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG