Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň sudy prezidentiň ygtyýaryny artdyrmak boýunça referendumy bikanun atlandyrdy


Moldowanyň prezidenti Igor Dodon
Moldowanyň prezidenti Igor Dodon

Moldowanyň Konstitusion sudy prezident Igor Dodonyň öz ygtyýaryny artyrmak boýunça referendum pikir soralyşygyny geçirmek boýunça hereketleri bikanun diýip netije çykardy.

Konstitusion suduň sudýasy Tudor Pantiru bu karary 27-nji iýulda yglan etdi we referendumda orta atylmagy planlaşdyrylýan sowallaryň “prezidentiň häkimiýetiniň çäginden çykýandygyny” aýtdy.

Orsýet tarapyndan goldanýan Dodonyň mart aýynda gol çeken permanyna görä, 24-nji sentýabrda referendum geçirip, prezidente parlamenti dargatmaga we möhletinden ir saýlaw geçirmäge ygtyýar bermek hakynda ilatyň pikirni soramak planlaşdyrylýar.

Şeýle-de ses berijilerden 101 orunlyk parlamentiň agzalarynyň sanyny 71 adama çenli azaltmak barada pikir soramak göz öňünde tutulýar.

Moldowanyň oppozision Liberal partiýasy prezidentiň referendum hakyndaky kanunyna garşy çykyp, ony Konstitusiýa ters diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG