Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu 'Al-Jazeerany' zorlugy öjükdirmekde aýyplaýar, onuň Ysraýyldan gitmegini isleýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu 26-njy iýulda “Al-Jazeera” telekompaniýasyny Ierusalimde zorlugy öjükdirmekde aýyplady we onuň Ysraýyldan çekilmegini talap etdi.

Katarda ýerleşýän kompaniýa Ysraýylyň Ierusalimiň mukaddes böleklerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegine palestinleriň protest bildirmeginiň dowamynda ýüze çykan güýçli çaknyşyklar barada jikme-jik habar beripdi.

Geçen dynç günlerinden bäri zorluk zerarly üç ysraýylly we dört palestinaly wepat boldy.

“Al-Jazeera kompaniýasy Mukaddes dagyň daşynda zorlugy öjükdirmegi dowam etdirýär” diýip Netanýahu Facebookda ýazdy. Şeýle-de, Ysraýylyň premýer-ministri “men kanun goraýjy häkimiýetler bilen birnäçe gezek gepleşdim we “Al-Jazeeranyň Ierusalimdäki edarasyny ýapmagy talap etdim. Eger bu kanun nukdaý nazaryndan başa barmasa, men Al-Jazeerany Ysraýyldan çykarmak üçin zerur bolan kanunlary ulanmak ugrunda işlejek” diýdi.

Ysraýyl Al-Jazeerany ysraýyl-palestin konfliktde bitarap bolmazlykda aýyplaýar. Al-Jazeera Netanýahunyň çykyşyny dessine kommentirlemedi.

Saud Arabystanynyň baştutanlygynda arap ýurtlarynyň ençemesi Al-Jazeerany terrorçylygy goldamakda aýyplaýarlar we ony ýapmagyň ugrunda hereket edýärler.

XS
SM
MD
LG