Sepleriň elýeterliligi

Eýran, sanksiýalara garamazdan, raketa programmasyny 'doly güýjünde' dowam eder


Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghasemi

Eýran ABŞ-nyň Kongresiniň Tähranyň raketa programmasyna garşy tassyklan täze sanksiýalaryny ýazgardy we öz progarmmasyny dowam etmegi wada berdi.

"Biz özümiziň raketa programmamyzy doly güýjünde dowam etdireris” diýip, Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghaseminiň aýdan sözleri 29-njy iýulda döwlet kontrollygyndaky telewideniýede sitirlendi.

"Biz bu duşmançylykly we kabul edip bolmajak hereketi ýazgarýarys” diýip, ol sanksiýalar barada aýtdy.

Ghasemi Tähranyň ABŞ-nyň bu hereketine “duşmançylykly, ýazgararlyk we kabul edip bolmajak” çäre hökmünde seretjekdigini aýtdy we “bu ahyr netijede ýadro ylalaşygyny gowşatmak üçin edilýän tagalla bolar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlaryň we beýleki dünýä döwletleriniň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy astynda Eýran, sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine, özüniň ýadro programmasyny düýpli çäklendirdi.

Eýran özüniň synag edýän raketalarynyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadry ylalaşygyny bozmaýandygyny, sebäbi olaryň goranyş maksatlydygyny aýdýar.

Russiýany we Demirgazyk Koreýany hem nyşana alýan sanksiýa kanuny taslamasy geçen hepde, Wekiller öýi tarapyndan tassyk edileninden soň, ABŞ senatynda hem kabul edildi.

XS
SM
MD
LG