Birleşen Arap Emirliklerinde doglan bir adam 28-nji iýulda Germaniýanyň Hamburg şäherinde bir supermarketde adamlara pyçakly topulyp, bir adamy öldürdi, alty adamy bolsa ýaralady diýip, german polisiýasy aýtdy.
Gözi bilen gören şaýat 26 ýaşyndaky erkegiň geçip barýan adamlara topulmazyndan we tussag edilmezinden öň “Allahy akbar” diýip gygyrandygyny aýtdy.
Berlinde çykýan “Der Tagesspiegel” gazeti bu adamyň polisiýa bir yslamçy hökmünde belli bolandygyny habar berdi. Dpa habar gullugy howpsuzlyk häkimiýetleriniň bu adamyň salafistler bilen baglanyşygynyň bardygyny ýa ýokdugynyň derňeýändigini habar berdi.
Hamburgyň içeri işler ministri Andy Grote 29-njy iýulda bu adamyň häkimiýetlere bir “yslamçy” hökmünde belli bolandygyny tassyk etdi, emma onuň “jihadçy” bolmandygyny aýtdy.
Ilki pyçaklanyp ölüm halyna salnan adam 50 ýaşyndaky german raýaty diýip bilinýär. Ýaraly bolanlaryň ählisi hassahanada bejergi alýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!