Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmileri Yragyň ilçihanasyna hüjümiň tamamlanandygyny aýtdylar


Owganystanyň polisiýa wekili, Kabul, 31-nji iýul, 2017

Owganystanyň resmileri Yragyň Kabuldaky ilçihanasyna edilen hüjümiň tamamlanandygyny aýtdylar.

31-nji iýulda irden Yragyň ilçihanasynyň jaýynyň öňünde amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) topary öz üstüne aldy.

“Hüjümçileriň ählisi öldürildi” diýip, Içeri işler ministrligi 31-nji iýulda, hüjümden dört sagat geçensoň ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Resmi maglumatda bir polisiýa işgäriniň ýeňil ýaralanandygy we ilçihananyň işgärlerinden hiç kimiň ejir çekmändigi habar berildi.

Ministrligiň maglumatyna görä, hüjüm janyndan geçen hüjümçiniň özüni ilçihananyň derwezesinde partlatmagynyň yzýany başlanypdyr, yzýany üç ýaragly Şar-e Naw atly ýerde ýerleşýän ilçihananyň howlusyna giripdir.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň hüjümçilere garşy söweşen wagtynda Yragyň Daşary işler ministrligi Kabuldaky baş diplomatynyň Müsüriň ilçihanasyna geçirilendigini aýdypdy.

Bu hüjümli waka ilçihananyň Yragyň hökümetiniň Mosul şäherini YD toparynyň elinden alandygyny belläp, geçiren metbugat konferensiýasyndan iki hepde geçensoň ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG