Sepleriň elýeterliligi

Nawaz Şarifiň ýakyn ýaranynyň hökümet başyna saýlanmagyna garaşylýar


Şahid Hakan Abbasi, Yslamabad, 31-nji iýul, 2017

Pakistanyň kanun çykaryjylarynyň 1-nji awgustda geçirýän ses berişliginde öňki premýer-ministri Nawaz Şarifiň ýerine onuň ýakyn ýaranynyň saýlanmagyna garaşylýar.

Şahid Hakan Abbasi we bäş oppozision kanun çykaryjy ýurduň hökümet baştutany wezipesine dalaşgär hökümnde öz kandidaturalaryny teklip etdiler.

Emma Şarifiň “Musulman ligasy-Nawaz” partiýasynyň agzalarynyň köpçüligindäki parlamentiň ses berişliginde Abbasiniň ýeňiş gazanjagy has ähtimal.

Abbasiniň wezipe möhleti wagtlaýyn bolup, Nawaz Şarifiň inisi we Punjab welaýatynyň häkimi Şahbaz parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, premýer-ministriň ornuna geçmek hukugyna eýe bolýança dowam eder. Bu prosesiň iki aý çemesi wagty talap etmegi mümkin.

Nawaz Şarif 28-nji iýulda ýurduň Baş sudunyň çykaran kararyna görä wezipesinden çekilipdi. Pakistanyň sudy, 2016-njy ýylda üsti açylan Panama dokumentlerine esaslanyp, Şarifi korrupsiýa baş goşmakda günäledi. Nawaz Şarif aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG