Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan Müsürde tussag edilen raýatlary bilen baglylykda protest ýollady


Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Anuar Žainakow, Astana, 1-nji awgust, 2017

Gazagystan Müsüre resmi protest ýollap, özüniň alty raýatynyň nirede saklanandygynydüşündirmegi sorady.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Anuar Žainakowyň 1-nji awgustda aýtmagyna görä, şeýle-de, Astana Kairden Gazagystanyň diplomatlarynyň tussag edilen raýatlar bilen duşuşmagyny sorapdyr.

Žainakow Müsüriň resmileriniň arap dilini öwrenen we Kairde bir jaýda bile ýaşan gazagystanly studentleriň 19-njy iýulda tussag edilmegine degişli hiç hili düşündiriş bermändigini mälim etdi.

Tussag edilen diňe iki studentiň şahsyýeti anyklanypdyr.

Žainakow şol studentleriň yslamçy ekstremist bolmakda güman edilmeýändigini aýtdy.

Gazagystan soňky ýyllarda özüniň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň düzümine goşulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG