Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesine dalaş etmek üçin 59 adam saýlaw komissiýasyna arza berdi.
Olardan sekiz adam syýasy partiýalardan we 48 adam özbaşdak diýip, saýlaw komissiýasy 31-nji iýulda dalaşgär bolmaga ýüz tutanlary hasaba almak üçin kesgitlenen wagt möhletiniň dolan güni yglan etdi.
Prezidentlige kandidat bolmaga dalaş edýän her bir hasaba alnan adam özüni goldaýan azyndan 30 müň adamyň goluny toplamaly bolar, şeýle-de 1 million som (14 600 amerikan dollary) möçberinde depozit tölemeli we gyrgyz dili boýunça synagdan geçmeli bolar.
Oppozisiýanyň Ata-Meken partiýasy tarapyndan dalaşgär hökmünde saýlanan Omurbek Tekebaýew para almakda aýyplanyp sud edilýär. Saýlaw komissiýasy onuň dalaşgär bolmak üçin hasaba alynmagy hakyndaky arzasyny ret etdi.
31-nji iýulda Tekebaýewiň ençeme tarapdary onuň dalaşgär bolmak üçin hasaba alynmagyny talap edip, açlyk yglan etdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!