Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň wise-prezidenti Çernogoriýa bardy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Çernogoriýanyň liderleri tarapyndan garşy alyndy, Podgorisa, 1-nji awgust, 2017.

1-nji awgustda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Gündogar Ýewropa edýän saparynyň dowamynda baran soňky ýurdy Çernogoriýanyň liderleriniň “Orsýetiň basyşyna” garşy durmagyny makullady.

Pense bu kiçi Balkan ýurduna we NATO-nyň täze agzasy Çernogoriýa Gürjüstandan soň bardy. Gürjüstana eden saparynyň dowamynda Pense Orsýeti Kawkaz ýurdunyň territoriýasyny basyp almakda aýyplady.

Çernogoriýanyň prezidenti Filip Wujanowiç we beýleki syýasy liderleri bilen duşuşygynda 620 müň ilatly ýurda edýän öz saparynyň “Amerikanyň kiçi ýaranlarynyň ýokdugyny - diňe güýçli ýaranlarynyň bardygyny tassyklaýandygyny” belledi.

20-nji iýulda Estoniýa sapar eden Pense Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy we regiondaky syýasy hereketlere goşulmagy, şol sanda Çernogoriýanyň NATO goşulmagyna garşy çykmagy babatynda ýaranlary köşeşdirmäge çalyşdy.

Çernogoriýa Orsýeti geçen ýylda NATO goşulyşmagyna garşy dildüwüşigi tutaşdyrmaga synanyşmakda aýyplady. Moskwa aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG