Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň sudy 'Nowaýa gazeta' neşriniň habarçysy Feruzy deportasiýa etmek hakynda karar çykardy


Orsýetiň “Nowaýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruz

Moskwanyň sudy Orsýetiň “Nowaýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruzyň Özbegistana deportasiýa edilmegi hakynda karar çykardy.

Karar 1-nji awgustda, žurnalistiň gazetiň Moskwadaky edarasynyň golaýynda polisiýa tarapyndan saklanmagynyň birnäçe sagat yzýany çykaryldy.

Hudoberdi Nurmatow ady bilen tanalýan Feruz emigrasiýa düzgünlerini bozmakda günälendi.

Ol özüne bildirilen günäni ret edýär we Orsýetde ýokary bilim alandygyny, öz ejesiniň, doganlarynyň Orsýetiň raýatlarydygyny aýdýar. Feruz Moskwada doguldy.

Feruz 2014-nji ýyldan bäri Orsýetde bosgun statusyna garaşýandygyny aýtdy we Özbegistana deportasiýa edilen ýagdaýynda tussaglyga we gynamalar sezewar bolup biljegini belleýär.

Žurnalist 2008-nji ýylda özbek howpsuzlyk güýçleri bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürip, iki günläp tussaghanada gynamalara sezewar edilenden soň Özbegistany terk edendigini aýdýar.

“Nowaýa gazeta” neşriniň baş redaktory Dmitriý Muratow öz beýanatynda Feruzyň öz doglan ýurdundan deportasiýa edilmeginiň bikanun bolup biljegini belledi.

XS
SM
MD
LG