Sepleriň elýeterliligi

Kiýew Ýanukowiçiň gaýybana suduny dowam etdirdi


Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň dönüklikde aýyplanyp, gaýybana geçirilýän sud diňlenişigi 3-nji awgustda dowam etdirildi.

Kiýewiň sudunyň 12-nji iýulda geçiren öňki diňlenişigi Ýanukowiçiň aklawçysy Witaliý Meşeçek taýýarlyk üçin wagt soransoň yza tesdirilipdi.

Öňki prezident Ýanukowiçiň ozalky aklawçylary 6-njy iýulda iş başyndan çekildiler we öz hyzmatlarynyň gerek däldigi barada özlerine aýdylandygyny mälim etdiler.

Ýanukowiç özüniň sud diňlenişigine gatnaşmajagyny mälim etdi we özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyk baglaşmazdan, Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek kararyny yglan edipdi we muňa garşy geçirilen protestleriň dowamynda, 2014-nji ýylyň fewral aýynda wezipesini terk edip, Orsýete gaçyp gidipdi. Ukrainada hökümete garşy geçirilen Ýewromaýdan protestleriniň dowamynda onlarça adam wepat bolupdy.

Prokurorlar watana dönüklikde, Ukrainanyň bütewüligini bozmakda we Orsýetiň agressiýasyna gatnaşmakdaaýyplanýan Ýanukowiçiň tussag edilmegini soraýarlar.

XS
SM
MD
LG