Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň täze hökümeti kasam etdi


Şahid Hakan Abbasi,Yslamabad, 31-nji iýul, 2017

Pakistanyň prezidenti Mamnoon Hussain öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň 28-nji iýulda wezipesinden çekilmeginden soň düzülen täze hökümetiniň kasamyny kabul etdi.

Şarifiň ýakyn ýarany premýer-ministr Şahid Hakan Abbasiniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet 4-nji awgustda kasam etdi. Ministrler kabinetiniň täze agzalarynyň aglabasy onuň öňki düzüminden galan resmiler we Şarifiň ýaranlary.

Şarif ýurduň Baş sudunyň onuň habar bermedik girdejisi bilen baglylykda wezipesinden çekilmegini talap edip karar çykarmagynyň yzýany hökümet başyndan çekilipdi.

Şarif özüne garşy ýöňkelen aýyplamalary ret etdi we suduň kararyndan şikaýat etjegini aýtdy.

Analitikler Abbasiniň 45 günüň dowamynda hökümet başynda galjagyny we yzýany Şarifiň inisi Şahbaz Şarife wezipäni berjegini çak edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG