Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymyň sudy Kiýewe tarapdar aktiwisti türmä höküm etdi


Wolodymyr Baluh, Krym, 4-nji awgust, 2017.
Wolodymyr Baluh, Krym, 4-nji awgust, 2017.

Orsýetiň gözegçiligindäki Krym ýarymadasynyň sudy Kiýewe tarapdar aktiwist Wolodymyr Baluhy partlaýjy serişdeleri we ýarag saklamakda aýyplap, türmä höküm etdi. Aktiwist özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Rozdolne etrap sudunyň 4-nji awgustda çykaran kararyna görä, Baluh üç ýyl we ýedi aý türme tussaglygyna höküm edildi.

Baluh günäni ret edýär we aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdýar. Ol 2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny öz gözegçiligine alansoň, adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan Moskwanyň täsirine garşylyk görkezendigi üçin jezalandyrylandygy aýdylýan onlarça ýerli ýaşaýjylaryň biri.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) öz işgärleriniň dekabrda Baluhyň öýüni döküp, 90 sany oky we partlaýjy serişdeleri tapandygyny aýdýar.

Aktiwistiň öýi onuň öz ýaşaýan ýerinde ukrain baýdagyny asmagynyň yzýany dökülipdi.

Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainanyň prezidenti wezipesinden çekilmeginiň yzýany Orsýet Kryma harbylaryny iberip, referendum geçiripdi we ýarymadany öz gözegçiligine geçiripdi. Ukraina, ABŞ we dünýäniň 100 çemesi ýurdy referendumyň netijelerini bikanun atlandyrdylar.

Orsýetiň bu hereketi Moskwanyň Kiýew we Günbatar bilen gatnaşyklaryna erbet täsir ýetirdi we ABŞ-nyň hem Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe sanksiýa girizmegine getirdi.

2017-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa Parlamenti Moskwany Orsýetde, Krymda we Ukrainanyň orsýetçi separatistleriň elindäki böleklerinde tussag edilen ýa-da hereket azatlygy çäklendirilen 30 çemesi adamy boşatmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG