Gazagystanly adam hukuklaryny goraýjy tanymal aktiwist we žurnalistleriň howpsuzlygy ugrunda hereket edýän toparyň ýolbaşçysy öz howpsuzlygyndan aladalanýandygy sebäpli ýurdy terk edendigini aýdýar.
Almatyda ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk toparyň başlygy Ramazan Esergepowyň 4-nji awgustda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ol 3-nji awgustda Pariže barypdyr.
Esergepowyň sözlerine görä, ol maý aýynda hüjüme sezewar bolup, pyçaklanmagyndan we özüniň tussag edilmegi baradaky alamatlardan soň, ýurdy terk etmek kararyna gelipdir.
1-nji awgustda Almatynyň polisiýasy Esergepowy tussag edip, soraga çekdi we ony syýasy tussaglara goldaw bildirmek boýunça 29-njy iýulda Almatyda resmi rugsat berilmedik ýörişi gurnamakda aýyplady.
Esergepow 2012-nji ýylda “Kynçylykdaky žurnalistler” atly toparyň ýolbaşçysy boldy.
Soňky ýyllarda azyndan bäş aktiwist we žurnalist Gazagystandan Ukraina göçüp gitdi.
Gazagystany 1991-nji ýyldan bäri dolandyrýan Nursoltan Nazarbaýew başga pikirlilige çydamsyzlyk görkezýär.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!