Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň iri dükanlary Aziadanyň öňünden täze iş tertibine geçýärler


Aşggabat, dükan öňündäki nobat. Arhiw suraty

Türkmen mediasy Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günleriniň golaýlaşmagy netijesinde, myhmanlaryň we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň amatlyklary üçin, olimpiýa şäherjiginiň golaýynda ýerleşýän söwda nokatlarynyň gije-gündizde 24 sagadyň dowamynda işläp başlandygyny habar berýär.

“Bazarlaryň we dükanlaryň tekçelerindäki bolçulyk ýurdumyzda ygtybarly azyk üpjünçiliginiň döredilendigine şaýatlyk edýär” diýip, TDH-nyň habarynada aýdylýar.

Şeýle-de TDH gije-gündiz işleýän dükanlaryň ýanynda kafeleriň hem bardygyny belleýär. Neşiriň tassyklmagyna görä, “ilat we daşary ýurtly myhmanlar üçin hyzmatlaryň ýokary hilli guralmagy” prezident Berdimuhamedowyň “adamlaryň durmuşy üçin amatly şertler döretmek barada edýän aladasynyň nobatdaky subutnamasy” bolup durýar.

Soňky döwürde türkmen prezidenti bazarlarda haryt bolçulygyny döretmegi yzygiderli talap edýär we şol bir wagtda ýurduň agrar pudagyndaky işleriň netijesiniň azdygyny bölekleýin boýun alýar.

XS
SM
MD
LG