Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna 200 türkmenistanly kabul edildi


Türkmen studentleri

Türkmen mekdepleriniň uçurymlarynyň 200-e golaýy şu ýyl döwletara ylalaşyklarynyň çäginde Belarusyň, Hytaýyň we Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlaryna girdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 4-nji awgustda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamaga gidýän oglan-gyzlar bilen duşuşyk boldy.

Bu ýyl türkmen mekdeplerini 85 müň töweregi okuwçy tamamlýar we ýurduň okuw jaýlarynda ýeterlik orun bolmansoň, daşary ýurtlarda bilim almaga synanýanlaryň barha köpelýändigi aýdylýar. Ýöne daşary ýurtlarda bilim alanlaryň soň ýurtda işe ýerleşmeginiň kyndygy hem habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow 4-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda bu mesele ýene bir gezek dolandy we bilimli ýaşlary işe ýerleşdirmek meselesine has eserdeň garamagy tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG