Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 8-9-njy awgustda Azerbaýjana resmi sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw fotosy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw fotosy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-9-njy awgustda Azerbaýjan respublikasynda resmi saparda bolar, bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow 4-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde Berdimuhamedowyň resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu gezek ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça “özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär”.

2007-2017-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda ýokary derejelerde özara dört sapar amala aşyryldy we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasy döredildi.

Prezident Berdimuhamedow häzir bu iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetitirilýändigini, onuň ägirt uly geljeginiň bardygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG