Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow medeniýet ministrini belledi, "Edebiýat we sungatyň" redaktoryny täzeledi


Türkmen gazeti

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji awgustda “garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine talabalaýyk ýolbaşçylyk etmeýändigi üçin” wise-premýer A.Garajaýewe berk käýinç yglan etdi we täze medeniýet ministrini belledi..

TDH-nyň habaryndan görnüşine görä, Berdimuhamedow bu käýinji telewideniýäniň işinden nägilelik esasynda beren ýaly görünýär.

Döwlet baştutany “täze, beýik döwrüň ruhuna kybap gelýän, şol sanda ykdysady we durmuş meselelerine bagyşlanan has dogry garaýyşlary teklip edýän, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýän telegepleşikleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi” diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow A.Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine belläp, ony medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy; H.Hudaýgulyýewi “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyp, onuň ýerine “Türkmen dili” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolan H.Muhammetgulyýewi bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Habarda redaktor çalşygynyň hiç bir sebäbi görkezilmeýär.

Hukuk goraýjy aktiwistler türkmen prezidentiniň gazet-žurnallaryň redaktorlaryny işden aýyrmagynyň türkmen kanunçylygyna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG