Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň täze pul çäklendirmeleri migrantlara nähili täsir ýetirer?


Türkmen raýatlary Türkiýä gelip, bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy tarapyndan gol çekilip, bankyň welaýat bölümlerine iberilen görkezmäniň göçürmesi Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy we onda soňky döwürde döwlet kursundan walýuta almak ugrunda tapylýan emeller babatynda alada bildirilýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny TMB-nyň durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan täze çäklendirmeleriniň migrantlara, studentlere we olaryň maşgalalaryna etjek täsirine gönükdirýär.

Türkmenistanly migrantlar Bahar we Rozubaý, TMB-ny täze konwertasiýa çäklendirmelerini girizmäge iten ýagdaýlar barasynda söz açyp, göz öňünde tutylýan çäklendirmeleriň etjek täsirleri barasynda Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri bilen öz pikirdir-tejribelerini paýlaşýarlar.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi we öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.


Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG