Tanymal gazak aktiwisti, "Howp astyndaky žurnalistler" guramasynyň başlygy öz howpsuzlygyny alada edip, ýurtdan gaçyp çykdy.
Almatyda başy gowgaly žurnalistlere howandarlyk edýän jemgyýetçilik guramasynyň prezidenti Ramazan Ýesergepow 4-nji awgustda Azatlyk radiosy bilen telefon gürrüňinde özüniň Pariždedigini aýtdy.
Ol bu ýere 3-nji awgustda gelipdir. Ýesergepow Gazagystany terk etmek kararyna maý aýynda näbelli hüjümçiler tarapyndan pyçaklanandan soň gelendigini aýtdy.
Şeýle-de ol özüni 29-njy iýulda Almatyda, syýasy tussaglaryň goldawyna geçirilen ygtyýar berilmedik protesti gurnamakda aýyplap, türmä basmakçy bolýandyklaryny gürrüň berdi.
Ýesergepow "Howp astyndaky žurnalistler" guramasyna 2012-njy ýylda prezident bellendi.
Ol ozal gizlin maglumaty açmakda aýyplanyp üç ýyl türmede oturypdy.